- delalat
- [dela:lat]1) Könelişen söz Haýyr, peýda, kömek, ýardam.∙ Seniň hem bize bir kömegiň, delalatyň degen ýeri bolsun ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ýaş buldurýan gökje gözün mölerdip, Delalat isleýen ýaly zarlaýar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)∙ Ejemden, kakamdan, gelnejemden delalat taparmykam diýip, olara-da şunça düşündirjek boldum -- bolmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)2) Çäre, alaç.∙ Biziň derdimize bir delalat edeweri! («Görogly» eposy)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.